Ilki hemişelik okyjy çöpläň - Beyan - Öwreneliň, Öwredeliň
Baş Sahypa
Forum
Registrasiýa

Ilki hemişelik okyjy çöpläň

Platfroma gowy, ulanmak ýeňil. Medium-dan kem galanok. Tüweleme moderatorlaryňyzam günde 2-3 sany makala goýýar welin, sizi tanamasalar, adam girip-çykmasa ne peýda? Siz moderatorlaryňyzy köseýärmikäňiz diýýän... Size güýçli PR we marketing gerek. Platformaňyzy köpçülige ýetiriň. Isleseňiz bu barada kömek edip bilerin. Üns bereniňiz üçin minnetdar!

Teswirler (3)

avatar
Beyan • Sep 18, 2025 11:18
Pikiriňiz üçin öran minetdar, platformamyzy gowy göreniňiz üçin hem gaty begendik. PR we marketing gereklidigi gaty dogry, biz hem şu wagt IOS we Android App üstünde işlap durs, we täze goşmak isleýän bir feature-myz bar, hemmesi nesip bolsa şu sentýabr aýynda taýýar bolmaly, ana şolardan soňra gowy marketing campaign etmägi taýýarlanýarys, nesip bolsa. Ýöne siziň teklibiňize we pikirleriňize garaşýarys, siz diňlemek we maslahatlaşmak biz üçin öran gowy bolar.
avatar
Babageldi Jorayev • Sep 18, 2025 12:08
Täzelikleriň geljekdigini eşidip begendim. Işiňizde üstünlik! Sabyrsyzlyk bilen garaşýas :)

Entäk teklip bererden men uzagrak nokatda durun, çünki siziň maksatnamalaryňyz we maksatlaryňyz bilen doly tanyş däl. Bulary bilmezden birzatlar diýsem ýalňyş bolar. Ýöne käbir wajyp meseleleri agzap geçmek isleýärin:

1. Monetizasiýa - nämeden we nädip platformanyň çykdajylaryny ödemekçi bolýarsyňyz? (Öz girdejiňiz hem şunuň içinde).
2. Uzak wagtlaýyn görüşiňiz (vision) we missiýaňyz (mission) - bu siziň aýratyn gymmatlygyňyz. Maksatnamaňyzy şoňa görä taýýarlasaňyz uzaga gidersiňiz. Siziň beýleki platformalardan tapawudyňyz okyjylaryňyzy diňe sizde saklamaga kömek eder.
3. Hakyky müşderiňiz bilen umumy alyjylary tapawutlandyrmak - siziň hakyky müşderiňiz kim we olar üçin näme gymmatlyk döretdiňiz?

Umuman, islendik biznesiň ýa-da işjeňligiň başy şu zatlardan başlaýar. Bir zady ýatdan çykarmazlyk möhüm - siz bu platformany öz islegiňiz üçin däl, başgalarynyň ulanmasy üçin döretdiňiz we esasy maksadyňyz halka hyzmat etmek (köp ýerde şu prinsipden daşlaşýarlar)
avatar
Beyan • Sep 18, 2025 13:29
Täzeliklerimize bolan gyzyklanmaňyz we gymmatly pikirleriňiz üçin sagbolsun aýdýarys. Siz agzan meseleler hakykatdan-da biziň üçin möhüm. Aşakda olaryň her birine degişli jogaplarymyz bar:

1. Monetizasiýa
Beyan platformasynyň çykdajylaryny ödemek we durnukly işlemek üçin birnäçe monetizasiýa ugruny meýilleşdirýäris:
- Premium agzalyk – mugt ulanyş bilen birlikde, goşmaça mümkinçilikler (premium maglumatlar) tölegli görnüşde elýeterli bolar.
Kurslar we e-kitaplar
- Reklama we hyzmatdaşlyklar – diňe mazmun bilen bagly we peýdaly reklama görnüşlerine ýol bereris.

2. Vision we Mission
Mission – Türkmenistanda we dünýäde ylmy, edebi we döredijilik mazmunyny ösdürmek, okyjylary we ýazyjylary birleşdirip täze gymmatlyk döretmek.
Vision – geljekde diňe bir makalalar däl, eýsem kurslar, e-kitaplar we döredijilik dünýäsi bilen baglanyşykly(video, podcast we ş.m.) ähli zatlaryň merkezi bolan halkara derejeli platforma bolmak.
Tapawudymyz – diňe mazmun bermek däl, eýsem ýazýanlaryň hem-de okaýanlaryň arasyndaky aragatnaşygy güýçlendirmek we awtorlara täze mümkinçilikler açmak.

3. Hakyky müşderimiz
- Ýazyjylar we döredijiler – olar üçin täze giňişlik, okyjylara ýetmek we öz işinden girdeji gazanmak mümkinçiligi döredýäris.
- Okyjylar we öwrenijiler – mazmunly, ýokary hilli we dürli ugurlardan maglumat almak üçin amatly ýer.
- Institusiýalar we okuw merkezleri – öz okuw materiallaryny ýaýratmak, kurslaryny görkezmek üçin platforma hökmünde peýdalanyp bilerler.


Netijede Beyan diňe bir şahsy isleg üçin däl, jemgyýete hyzmat etmek üçin döredildi. Esasy maksadymyz – ylmy, döredijiligi we paýlaşmagy ösdürmek bilen bilelikde platformany ähli tarap üçin peýdaly, açyk we durnukly ýagdaýda alyp barmak.
Please teswir ýazmak üçin giriň.
Babageldi Jorayev

Sep 16, 2025

3
Teswirler
1
Halanlar
0
Halamadyklar
Baş Sahypa
Forum
Registrasiýa