Egip-büküp bolýan zatmy kanun? - Beyan - Öwreneliň, Öwredeliň
Baş Sahypa
Forum
Registrasiýa

Egip-büküp bolýan zatmy kanun?

Siziň pikriňizçe kanun näme üçin bar? Kanun egip-büküp bolýan zatmy?

Teswirler (11)

avatar
ahmetakyyev • Sep 18, 2025 13:37
@Atomic_habits-a goşulýaryn, sebäbi gynansakda egip bükülen ýerleri boldy taryhda, egip bükmek dogrymy diýseňiz meniň pikirimçe dogry gelen ýerleri boldy(generally etmeli däl), sebäbi nädogry gurulan zatlara dogry garşy bermek gowy adamlaryň günäkerlenmesine sebäp bolýar.
avatar
Babageldi Jorayev • Sep 18, 2025 12:20
Umuman, kanunçylyk hem iş - a islendik işde adam faktory we ş.m faktorlar sebäpli ideal netijäni gazanyp bolmaýar. Obýektiw seretseň - kanun hiç bir zadyň öňünde üýtgemeli däl we ynsanlaryň hak-hukuklaryny gyşarnyksyz goramaly. Bu onuň funksiýasy. Ýöne subýektiw we real ýagdaýda bahalandyrsaň - käbir faktorlar sebäpli "maýyşgak" halda saklanylýar. Bu diňe kanunçylykda däl, adamyň zähmet çekýän islendik işinde hem şeýle. Belki bu barada hem bir makala ýazaryn :))
avatar
ahmetakyyev • Sep 18, 2025 13:32
Makalaňyza garaşýarys)
avatar
Şirin Baýlarowa • Sep 17, 2025 09:34
Men Atomic_habits pikirlerine goşmaça maglumat goşmak isleýän. Meselä biraz başga tarapdan hem seredip göreli. Bigünä adamlaryň hem kazyýet jogapkärçiligine çekilýän we ýyl kesiljek bolup durkada kanunalaýyk şekilde aklanýan ýagdaýlary bolýar. Ahmet aýdyşy ýaly Kanun bir gural we ol guraly ulanyp bilmeklik ugurtapyjylygy talap edýär. Siziň aýdýan ýagdaýyňyzda bolsa ýeňilen tarapyň adwokatynyň tejribesi pesräk diýäýmek galýar. Has gowy göz ýetirmek isleseňiz "She and her perfect husband" koreý doramasyny görmegi maslahat berýärin ☺️
avatar
Babageldi Jorayev • Sep 16, 2025 11:18
Näme-de bolsa ýene şol zady ýerine ýetirýän özümiz ýaly adamlar. Gözegçilik edýän we karar çykarýan adamlary egip-büküp bolsa, kanunam egilip-büküläýýär-dä :) Ahmet gowy belläp geçipdir, bu bir gural.
avatar
Atomic_habits • Sep 17, 2025 20:00
Elbet-de bu bir gural, jemgyýeti kadada, nyzamda saklamak üçin. Adamlaryň çekinjesi bolmagy üçin bar kanunlar. Emma siziňem aýdyşyňyz ýaly käbir ýagdaýlarda adamlar boýun bolýar we kanun egilip-bükülýär.
avatar
Atomic_habits • Sep 17, 2025 20:14
Kinolara görä däl hakyky wakalar esasynda pikir ýöretýän. Silvio Berlusconi wakasy, Brock turner wakasy Na-young wakasy we ençeleri
avatar
ahmetakyyev • Sep 13, 2025 01:57
Kanun belli bir jemgyýetda ýaşaýan adamlary belli bir kadada saklamak üçin gerekli bir gural diýp pikir etýän. Kanun eger dogry ýazylan bolsa egip-bükmesi kynmyka diýp pikir etýän
avatar
Atomic_habits • Sep 15, 2025 00:32
Kanun köp we adamlar esasan hem hukukçylar özlerine görä egip-bükýärmikä diýýän. Egip-bükýär diýmek bu meniň düşünjäme görä özlerine görä uýgunlaşdyrýalarmyka diýýän. Diýeliň, bilkastlaýyn bir jenaýat bar we kodeksiň maddalaryndan öz peýdasyna bolan ýerleri alyp, zyýanyna bolup biljek ýerleri görmezden gelýäler we jenaýatkär almaly ýylyndan az ýyl alýar ýa-da günäsiz diýip aklanýar. Öz ýurdumyzdaky wakalary bilemok, ýöne daşary ýurtlarda real wakalary synlamda men muny gördüm. We özlerine görä egip-bükýärdiler.
avatar
Babageldi Jorayev • Sep 16, 2025 11:17
"Адвокат дьявола" kinony görüpsiňiz öýdýän :))
avatar
Atomic_habits • Sep 17, 2025 20:10
Kinolara görä däl, hakyky wakalar esasynda pikir ýöretýän.
Silvio Berlusconi wakasy, Brock turner wakasy, Na-young wakasy we ençeleri...
Please teswir ýazmak üçin giriň.
Atomic_habits

Aug 29, 2025

11
Teswirler
0
Halanlar
0
Halamadyklar
Baş Sahypa
Forum
Registrasiýa